Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy



7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär.

...Ir bilen welosipedli ýörişiň başlanýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary ýygnandylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyp ýaşlar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, jemgyýetçiligiň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişe gatnaşyjylara berk jan saglyk, üstünlik arzuw etdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***



Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guraldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde geçirilen köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we sagdynlyk medeniýetiniň, ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň möhüm bölegi hökmünde halkara sport we ekologik hereketiň ýörelgelerine ygrarlydygyny ýenede bir gezek aýdyň görkezdi.