ÝARAGLY GÜÝÇLERIMIZIŇ MADDY-ENJAMLAÝYN BINÝADYNY BERKITMEK HALKYMYZYŇ PARAHAT ÝAŞAÝŞY BARADAKY ALADADYR
Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu şanly waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen şöhratlanýan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Serhetçileriň höwesjeň toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, harby orkestriň çykyşy hem-de eziz Watanymyza bolan söýgini wasp edýän sahna eserleri dabaranyň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Ýerine ýetirilen kompozisiýalarda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary öz beýanyny tapdy.
Dabaraly waka Harby doktrinanyň wezipeleriniň, şol sanda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.