Arassaçylyk saglygyň girewidir


Arassaçylyk saglygyň girewidir



Möwsümleýin ýiti sowuklama ýokanjy esasan, howa-damja (adam üsgürende, asgyranda, gürlände), howa-tozan we galtaşyk ýoly (elleşende, ýakyn aragatnaşyk arkaly) bilen adamdan adama örän çalt geçýär. Kesellere garşy göreşmek ukyby peselen, süýjüli diabetli, inçekeselli we gartaşan adamlarda ýokuşma howpy has uly bolup durýar. Şonuň üçin kesellerin öňüni almak maksady bilen şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýäris:
- şahsy gigiýenany berk berjaý etmeli, elleriňizi ýygy-ýygydan ýyly suw bilen sabynlap ýuwmaly;
- burun boşlugyna oksolin, asiklowir melhemini çalmaly, pasla görä geýinmeli, agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalşyp durmaly;
- telefonlary, kompýuteriň düwmejiklerini, stollaryň üstüni zyýansyzlandyryjy erginler ýa-da spirtli süpürgiçler bilen süpürmeli;
- ýatýan, dynç alýan, işleýän otagyňyzda zyýansyzlandyryjy erginler bilen arassaçylyk işlerini geçirmeli, howasyny täzelemeli. Üzärlik ösümligini gündelik tütetmeli. Dürli görnüşli göze görünmeýän mikroblaryň we wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almaly;
- limonly çaý, itburun, çopantelpek ýaly dermanlyk otlardan taýýarlanan içgileri içmek, burçly unaşy iýmek maslahat berilýär;
- iýmitlerimizi zyýansyzlandyrmaly, miweleri we gök önümleri akar suwuň aşagynda gowy edip ýuwmaly. C witamine baý bolan önümlerden taýýarlanan işdäaçarlary we naharlary köp iýmeli. Duzly, ajy, gurak we çalt taýýarlanylan tagamlary, aşa sowuk içgileri, süýjüli, gazly suwlary içmegi çäklendirmeli.

Maýa JAPAROWA