Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 milliard adamyna ýetiriler


Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 milliard adamyna ýetiriler



Dünýä metbugatynyň ABU, «Warziş» (Täjigistan), TRT (Türkiýe), MIR24 (Russiýa), AVN, «Euronews», AIPS (Halkara sport metbugaty assosiasiýasy) ýaly wekilleri Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Ýer ýüzüne wagyz etmek boýunça türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk ederler.

Kuraş boýunça Halkara assosiasiýanyň metbugat kätibi Jamşid Namozowyň gürrüň bermegine görä, Ýer ýüzüniň 40 döwletine degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 130-a golaýynda Aşgabatdaky sport baýramçylygy beýan ediler.

Tele we radio ýaýlymlar, Internet saýtlary we gazetler arkaly çempionat baradaky dürli habarlar, wideogörnüşler we beýlekiler Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 1,5 milliardyna ýetiriler.

Dünýä çempionatyny beýan etmek üçin diňe Özbegistanyň özünden «Sport TV» we «Uzbekistan 24» teleýaýlymlary we «Aniq.uz», «Olamsport» ýaly habarlar saýtlary gatnaşýar.