Kadalary berjaý etmek — saglygyň girewi
Soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa akymynyň aralaşmagy sebäpli, howada tozanyň düzüminiň agdyklyk edýändigi bellige alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy, ozaly bilen, dem alyş ulgamy üçin amatsyzdyr.
Tomus paslynda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, hökman degişli maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.
Şu günler howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy — ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýär.
Şunda howpsuz aralyk, ýagny 1 metrden az bolmadyk aralyk saklanylmalydyr hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý edilmelidir.
Tomus paslynda daşky gurşawyň yssy howasyny göz öňünde tutup, daşardan gyzyp gelip, birbada sowuk ýa-da sowadyjy işleýän otaga girmeli däl, sowadyjynyň gabadynda durmaly däl, aşa sowuk suwy içmeli däl.
Sebäbi bu hereket dowamly keselleriň ýitileşmegine getirip bilýär.
Bu ýönekeý, emma örän möhüm kadalary berk berjaý etseňiz, ýylyň islendik döwründe janyňyz sag bolar.