WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini we onda kabul edilen, ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri giňden ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji ýaşlar guramasy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň we Mejlisiniň, bilelikde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, guramagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ynamly ýaşlar, belent maksatlar, batly gadamlar” atly şygar bilen ýaşlaryň arasynda
wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisiniň taryhy ähmiýetini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri giňden ýaýbaňlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada giňişleýin durup geçdiler.
Maslahatda Arkadagly Serdarymyzyň çuň mazmunly taryhy çykyşyndaky Garaşsyz Watanymyzyň geljekki ösüşlerinde ýaşlarymyzyň uly jogapkärçiligi egnine alýandygy, ýurduň beýik geljeginiň ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydygy baradaky nesihatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çünki Berkarar döwletimizde ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwatyna we
abraý-mertebesine deňelýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hökmünde öňe sürýär. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap
bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlarymyzy beýik watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn orun degişlidir. Maslahatda çykyş edenler beýik maksatlar bilen agzybir halkymyzy öňe sary alyp barýan hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.