ÜZÜMIŇ PEÝDASY


ÜZÜMIŇ PEÝDASY



Üzümiň saglygy goramakda iňňän uly ähmiýeti bar. Ol ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin birinji orunda durýar.
Köp mukdarda kaliý duzlaryny saklaýan üzüm ýürek myşsasynyň tonusyny ýokarlandyrýar, gandaky holesteriniň derejesini peseldýär. Üzüm suw-duz çalşygyny işjeňleşdirip, peşew turşusynyň endamdan has çalt çykarylmagyny üpjün edýär. Düzüminde köp mukdarda fitonsidleri saklaýandygy üçin üzümiň şiresini zäherlenmä, sowuklama garşy ulanmak maksada laýykdyr. Adam her gün üzümiň 10 — 12 dänesini iýse, gan basyşy kadalaşar. Gara üzüm ganda gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar. Şeýle-de süňk ýiliginiň gan dörediji funksiýasyny işjeňleşdirýär. Üzümiň gara reňkli görnüşlerinde ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýan bioflawonoidler has köpdür.
Üzüm şänijekleriniň ýagy garylan şampun saçy berkidýär. Bu ýag deriniň näzik, ýylmanak bolmagyna-da kömek edýär. Eger deriňiz sypyrylýan, tozgalanýan bolsa, onda 3-4 däne üzümi mynjyradyň we ony bal bilen garyp, ýüzüňize ýapyň. 20 minutdan soň, ýapgyny ýyly suw bilen ýuwup aýryň. Üzüm şänijekleriniň ýagy ornuny tutup bolmaýan ýag turşularyna baýdyr. Şoňa görä-de, ol öýjükleriň zeperlenen membranalarynyň dikeldilmegine ýardam edip, deriniň tebigy juwanlygynyň uzak wagtlap saklanmagyna itergi berýär.
Bir salkym ak üzümi aýalaryňyz bilen ýenjip, bölünip çykýan şiresine elleriňizi ýuwuň. Üzümiň şiresi bilen yzygiderli ýuwsaňyz, elleriňiziň derisi näzik, ter bolar. Bir däne üzümi ikä bölüp, gabaklaryňyza ýapsaňyz, gözüň aşagyndaky çişler aýrylar, deri dartylar, çeýe bolar. Deriňiz ýuka we duýgur bolsa, üzümiň şiresinden, ary balyndan, doragdan taýýarlanan ýapgy kömek eder.

Maýagül GARAJAÝEWA.