Sagdyn ýaşamagyň syry


Sagdyn ýaşamagyň syry



Adamlaryň ömür dowamlylygy nämä bagly? Munuň syry nämede? Ylmy barlaglaryň netijesinde, nesle geçirijiligiň, ekologiýanyň hem-de sagdyn iýmitlenmegiň ornunyň örän uludygy anyklanyldy. Geçirilen seljerme sagdyn iýmitlenmegiň bäş kadasyny işläp düzmäge esas berdi. Her bir azyk önümi, olardan taýýarlanan her bir tagamyň adam saglygyna täsiri uludyr. Şol sebäpden hem olaryň görnüşi näçe köp bolsa, şonça-da gowudyr. Düzümi witaminlere baý ir-iýmişler beden synalarynyň wagtyndan öň garramagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýlelikde, gündelik iýmitiňiz köp dürli bolmalydyr. Bu saglyga has peýdalydyr. Nahar duzuny çäklendirmek hem örän peýdalydyr. Gündelik iýmitde nahar duzunyň agdyklyk etmegi, ýürege we gan damarlaryna güýçli täsir edýär. Ter miweleri, gök önümleri köpräk iýiň. Olar iýen naharlaryňyzyň tiz we oňat siňmegine ýardam berýär, aşgazanyň we iýmit siňdiriş ýollarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar, synalarda bolup geçýän madda alyş-çalşygyny tijendirýär, netijede, beden agzalaryny has-da sagdynlaşdyrýar we olaryň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlar, ter miweler, tagamy datly ir-iýmişler şähdiňizi açýar, saglygyňyzy berkidýär.