Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi



2-nji aprelde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet sapary dowam edýär.
***
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Sawita Kowind üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy. Maksatnama laýyklykda, myhman zenan, ilki bilen, paýtagtymyzdaky “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde boldy we milli däpler esasynda toý-dabaralaryň geçiriliş aýratynlygy bilen tanyşdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp seýilgähleriniň birinde gezelenç etdi.