TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydyr hem-de dünýäniň döwletleridir halklary bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Şu ýörelgelerden ugur alyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir. Bellenilişi ýaly, bu doktrinada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.