Bagtyýar ýaşlar halypa ýoly bilen
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan pähim-parasatly syýasaty, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri medeniýet we sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Medeniýet we sungat ugrundan bilim alýan talyp ýaşlary öz hünärlerinden göreldeli okap, kämilleşmekleri ugrunda hem Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny özümize görelde edinip “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek maksady bilen welaýatlarymyzyň ýörite sungat mekdepleriniň ýaşlarynyň arasynda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek üçin Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory, Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýew “Bagtyýar ýaşlar halypa ýoly bilen” atly aýdym-sazly, ussatlyk sapagyny ilki bilen Türkmenabat ýörite sungat mekdebinde geçirdi. Ussatlyk sapagynda halypa-professor mekdebiň 1-nji ýyl talyby Ata Gaýypow bilen “Türkmen sährasy” eserini bilelikde ýerine ýetirip, aýdymyň inçe syrlaryny beýan etdi.
Ussatlyk sapagy bilen utgaşykly konsertde türkmeniň kalbynyň inçe duýgularyny açyp görkezýän eserler Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy: Nury Halmämmedowyň “Maraljan”, “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Aşgabat”, Daňatar Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”, “Gyzlaryma”, “Şadyýan gün”, Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Älemgoşar” ýaly eserleri halypa ussatlarça ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda diňe bir türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanman, şeýle hem Joakkino Rissininiň “Sewil dellegi” operasyndan meşhur Figaronyň kawatinasy, Muslim Magomaýewiň “О море море” ýaly eserleri mekdebiň fortepiano bölüminiň mugallymy Merdan Annamyradowyň sazandarlyk etmeginde kämil derejede, ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy.
Soňra ussat halypa Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine ugur aldy. Ýurdumyzyň “Altyn baritonynyň” ýakymly owazyny diňlemek üçin bu ýere döredijilik intelligensiýasy, ýaşlar, halypanyň köpsanly muşdaklary ýygnandylar. Nusgawy saz eserlerini ussatlarça ýerine ýetiren Atageldi Garýagdyýew gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy.