Şatlyk paýlaýan baýram


Şatlyk paýlaýan baýram



Täze ýyl. Eýýäm bu sözüň özünde ençeme pikir, many jemlenen. Täze ýyl ynsanlary täze durmuşa, täze geljege tarap alyp barýar. Çünki, täze ýylda ynsanlar dürli işlerde dürli üstünlikleri gazanyp bilýärler. Täze ýyl her maşgala şatlyk, bagt getirýär.
Täze ýyl maşgala mukaddesligidir. Maşgalany öňküsinden hem agzybirleşdirýän ajaýyp baýramdyr. Bu ajaýyp baýramçylyk her bir maşgala ojaklaryna şatlyk paýlaýar. Täze ýylda her bir ynsan arzuw edip, şol arzuwlara ýetmek üçin bolsa, öňünde beýik maksatlary goýýar. Umuman aýdanymyzda, Täze ýyl her bir maşgalada giňden ýazylan saçagyň başynda bellenilýär. Täze ýyl ynsanlary täze bagta sary alyp gidýär. Kalplarda ruhubelentlik, şatlyk duýgusyny oýarýar. Ähli ynsanlary, halklary jebisleşdirýär. Bu baýramçylykdaky ýerine ýetirilýän däp-dessurlaryň üsti bilen ynsanlar birek-birege sylag, hormat goýýandyklaryny beýan edýärler. Ýürekleri birleşdirýän Täze ýyl her bir ynsana mähir, bagt, saglyk, agzybirlik paýlasyn! Goý, siziň her biriňiziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Täze — 2021-nji ýyl düşümli ýyllaryň biri bolup, isleg-arzuwlaryňyzyň hasyl bolýan ýyly bolsun!

Jemal KUŞŞYÝEWA