Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti


Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti

Ýaňy - ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti geçirildi. Bu konsertde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň dürli ugurlarynda okaýan talyplary we toparlary öz başarnyklaryny görkezdiler. Konsertden hor we orkestr toparlary hem çykyş etdi.

Konsertde ilki bilen mekdebiň mugallymy we dirižýory Şamämmet Seýitmämmedowyň ýolbaşçylygynda halk saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde «Türkmen milli saz gurallary» hünäriniň III ýyl talyby Dawut Gulbaýew dutarda «Durdy bagşy» sazyny ýerine ýetirdi. Edil şol ýerine ýetirilişde bolsa, «Nowaýy» atly türkmen halk heňi hem ýaňlandy. Soňra bolsa konsertde mugallym Akgül Ataýewanyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň A.Pleşeýewiň sözlerine ýazylan «Legenda», Daňatar Öwezowyň dana akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýazan «Baglar heý» kantatalary hem-de gyzlar hor toparynyň ýerine ýetirmeginde A.P.Borodiniň «Knýaz Igor» operasyndan «Şemalyň ganatynda uç» atly ariýasyny IV ýyl talyby Jemal Muhyýewanyň dirižýorlyk etmeginde hem-de fortepianoda Güýzgeldi Annamyradowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirildi.

Konsertiň dowamynda ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň bagşylar ansambly bolsa A.Mededowyň A.Hotjyýewiň sözlerine döreden «Buýsançnama» eserini Kuwwatberdi Mededowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirdi. Soňra bolsa dutarçylar ansamblynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy bolan «Gyz durdy» atly eseri mekdebiň mugallymy, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigini almak ugrunda geçirilen «Çalsana bagşy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi Daýançmyrat Hangeldiyewiň ýolbaşçylygynda ýaňlandy.

Soňra konsertde sungat mekdebiniň horeografy Sapargül Halmämmedowanyň ýolbaşçylygynda «Bagtyýarlyk» tans topary «Suwa geledir» atly sazyna tans oýnadylar. Olar başgada «Küştdepdi» tansyny hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Tans toparynyň çykyşyndan soňra, mekdebiň mugallym Merdan Nobatgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary topary Astor Piazzolanyň «Libertango» atly meşhur ispan sazyny ýerine ýetirdi.

Soňra bolsa «Bagşyçylyk sungaty» hünäriniň IV ýyl talyby meşhur bagşy Nurberdi Gulowyň neslinden bolan Güýçberdi Gulow Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Näbilsin» atly halk aýdymy ýerine ýetirdiler.

Çykyşdan soňra Gülaýym Mämmmedannaýewanyň ýolbaşçylygynda we dirižýorluk etmeginde kamera orkestri Pietro Maskaniniň «Oba namysy» operasyndan İntermezzo eserini ýerine ýetirdi. Ondan soňra bolsa kompozitor mugallym Selbi Nyýazowanyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden «Reýgan eýledi» aýdymyny «Aýdym sungaty» hünäriniň mugallymy Gülhanym Lametowanyň ýerine ýetirmeginde kamera orkestri sazandarlyk etdi. Oňa dirižýor mugallym Gülaýym Mämmedannaýewa dirižýorlyk etdi. Edil şol toparyň ýerine ýetirmeginde III ýyl talyp Zaman Garlyýew «Äleme belgilidir» atly aýdymy ýerine ýetirdi.

Şeýlelik bilen, dabaraly konsert uly el çarpyşmalar bilen jemlendi. Konserde tomaşa edip oturan myhmanlar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyplary öz kärdeşlerini hem-de deň duşlaryny gutlap, gül desse çemenlerini gowşurdylar. Soňra olar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Geçirilen dabaraly konsertiň dowamynda başgada mekdebiň «Nakgaşçylyk» bölüminiň talyplarynyň eserleriniň sergisi gurnaldy. Bu bolsa konserde gelýän tomaşaçylara uly gyzyklanma döretdi.

Nagmat ÖWEZDURDYÝEW