Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa bardy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Dubaýdaky Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini, şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini nygtady.
«Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «COP28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.