Sungat serhetsiz dünýä...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde milli medeniýetimizi, şekillendiriş sungatymyzy ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň gözel keşbini, ajaýyplygyny duýup reňkleriň sazlaşygynda ýerine ýetirip eser döretmeklik ähli suratkeşleriň esasy maksadydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli, ussat mugallymlary hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehini açyp görkezmek üçin birnäçe şahsy sergileri gurnaýarlar. 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Bitaraplyk guwanjym – sungatym baýlygym» atly sungaty öwreniji Azat Annaýewiň şahsy sergisi gurnaldy. Azat Annaýew görnükli sungaty öwreniji bolup, diňe bir sungaty öwreniş nazaryýeti bilen çäklenmän, eýsem surat çekmek bilen hem meşgullanýar. Bu şahsy sergide halypa mugallymyň natýurmort, peýzaž eserlere we durmuşy temalara bagyşlanan işlerini görüp bolýar. A.Annaýew ussat suratkeşlerimiziň döredijilik sergileri mynasybetli taýýarlanýan kitaplaryň, kataloglaryň birnäçesiniň hem-de köpsanly makalalaryň awtorydyr. Halypa öz zehin başarnygyny, çeperçilik ukybyny döredijilik işinde hem açyp görkezýär.
A.Annaýewiň işleriniň köp bölegi akwarel tehnikasynda ýerine ýetirlip, ýagty açyk reňkler bilen baý çekilen. Onuň döreden eserlerinde arassa reňkler agdyklyk edýär we döredijiliginiň aglaba bölegini natýurmort we peýzaž eserleri düzýär. Ol öz natýurmortlaryny ülkämiziň ir-iýmişleri, miweleri bilen baýlaşdyryp, akwarel tehnikasynda tomaşaça ýetirýär. Sungaty öwrenji Azat Annaýewiň dürli žanrlarda döredilen eserleri many-mazmuna baýdyr. Suratkeşiň her bir eserinde türkmen tebigatyna, topragyna ýakyn reňkleri duýmak bolýar.