Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden



9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem girizildi.
Mejlisiň barşynda wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi.
Hökümetiň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa sylaglara mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy. Soňra döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady. Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.