DÖWLETLILER KÖŞGÜNDÄKI ÇAGALARA BAÝRAMÇYLYK SOWGATLARY GOWŞURYLDY


DÖWLETLILER KÖŞGÜNDÄKI ÇAGALARA BAÝRAMÇYLYK SOWGATLARY GOWŞURYLDY



1-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.