GYŞ: PASLA GÖRÄ GEÝNELIŇ!


GYŞ: PASLA GÖRÄ GEÝNELIŇ!



Häzirki wagtda dowam edýän gyş paslynyň howa şertleri dürlüligi bilen tapawutlanyp, güneşli, salkyn, ýagynly günler yzygiderli gaýtalanýar. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda, ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak hökmanydyr. Hususan-da, gyş paslynda:
— Adam bedenini ýyly saklamak üçin, möwsüme görä, ýyly egin-eşikleri, gyş aýakgaplaryny, başgap, şeýle hem ellik geýmek maslahat berilýär. Gyşda geýimleriň gat-gat geýnilýändigi üçin, jemgyýetçilik ulaglaryna münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň ilikleri ýazdyrylmaly we başgaplar çykarylmaly. Ýyly ýere girip, derlenenden soň daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy dürli sowuklama kesellerine sezewar edip biler.
— Aýaklar bedeniň ýylylygyny üpjün edýän we çyga has duýgur agzadyr. Aýaklarymyz näçe ýyly bolsa, bedenimiz şonça-da ýyly bolýar. Ene-atalar çagalaryna ädikleriniň içinden ýyly joraplary geýdiren ýagdaýlarynda, ýygy-ýygydan ony barlap durmaly, eger aýaklar derlän bolsa, joraplaryny çalşyp, ädikleri guratmaly.
— Daşary çykylanda, ellik geýilmelidir. Olar sowuk howanyň elleriň deri örtügine ýetirip biläýjek zyýanly täsirinden goraýar. Elleriň ýylylygy bedeniň dem alyş agzalarynyň saglygynyň kepilidir. — Şunda zerur zatlaryň ýene biri başgap geýmek, ýaglyk daňynmakdyr. Olar tutuş kelläni, saçlary goramak bilen, dürli kellebeýni sowuklama keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Saç ýuwlandan soň¬ra, dogry we doly guratmaly. Çygly saçlar bilen hiç wagt şemalyň ugrunda durmaly däl we daşaryk çykmaly däl. Sebäbi saçyň düýbünde galan çyg öý şertlerinde ýyly derejede bolsa-da, eýýäm daşaryk, sowuk howa çykylanda, öz ýylylyk derejesini ýitirýär we dürli sowuklamalara sebäp bolýar.
— Maşgalanyň ähli agzalarynyň «Oksolin» melhemini ulanmagyny ýola goýmaly. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri, ýagny miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal miwe şirelerini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini köpräk iýmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi