Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
1-nji aw¬gustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda dynç almak hem-de sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler bilen tanşanyndan soňra, “Rowaç” kottejler toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň täze düzümleýin desgasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi parahatçylyk, döredijilik hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyna ýene-de bir şanly waka bolup girdi.