Arassaçylyk-saglygyň sakasy


Arassaçylyk-saglygyň sakasy



Saglyk Ýaradanyň ynsana eçilen iň gymmatly baýlygydyr. Jany sag, keýpiçag adam isle okuwda bolsun, isle-de işde ýa-da durmuşda bolsun, tapawudy ýok, öz öňünde goýan maksadyna ýetip bilýär. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda adam we onuň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda öňe çykarylýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar türkmen jemgyýetinde baş ýörelgä öwrüldi. Şeýle bolansoň biziň her birimiz hem öz saglygymyzy berkitmek, bedenimizi taplamak barada yzygiderli aladalanmalydyrys. Şonda ýylyň belli pasyllarynda döreýän dümewiň ýada öýkeniň adaty bolmadyk ýiti sowuklamasynyň ýokanjyndan goranmak esasy aladamyz bolmalydyr. Munuň üçin, ilkinji nobatda, şahsy arassaçylyk kadalaryny doly we dürs berjaý etmek gerek. Eýsem-de, dürli ýokançlardan goranmak üçin nämeleri etmeli?!
Her bir adam açyk meýdanda gezelenç edip geleninden we öý haýwanlary bilen galtaşyk edeninden soň hökmany suratda ellerini sabynlap ýuwmaly. Özem şu aşakdaky kadany berk saklamaly: eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň arasyny we uçlaryny sabynyň köpürjikli suwy bilen owkalap ýuwmaly. Şonuň ýalyda naharlanmazdan we çaý içmezden öň hem el-ýüzüňi sabynly suw bilen ýuwmagy unutmaly däl. Durmuşda ulanylýan el süpürgiçleride her adam üçin aýratyn bolmalydyr we olar wagtly-wagtynda ýuwlup, ütüklenilip, şondan soňra ulanylmalydyr.
Biz gündelik durmuşymyzda köp suw içýäris. Emma suw içilende-de berjaý edilmeli kadalaryň bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Suwy hökman gaýnadyp içmeli. Şeýle edilende suwuň düzümindäki ynsan saglygy üçin zyýanly bolan mörjewler doly ýok edilýär.
Güýz pasly dowam edýär. Şu günlerde howanyň birden sowamagy ýa-da ýagşyň ýagmagy mümkin. Şonuň üçin her bir adam pasla görä ýyly eşikleri geýinmegi ünsden düşürmeli däl. Şeýlede dümewden ýa-da öýkeniň adaty bolmadyk ýiti sowuklamasyndan goranmak üçin öýden açyk meýdana çykylanda, hökman agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Degişli kadalara laýyklykda agyz-burnumyzy ykjam örtýän şekilde örtüklerden peýdalanmak gerek. Şonda howa arkaly bedenimize geçäýmegi ähtimal bolan ýokançlardan özümizi gorap bileris. Gadyrly ildeşler, şu kadalary berk berjaý etsek hemmämize saglyk ýaran bolar!

Gunça KUTLYÝEWA