Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylar Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp gördüler
Ozal habar berlişi ýaly, öňňin Mary welaýatynyň Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady. Bu forumyň jemleýji gününde — şu gün foruma gatnaşýan wekiliýet agzalary we köp sanly myhmanlar Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp gördüler.
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde daşary ýurtly myhmanlar, bilim, ýaşlar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri myhmansöýerlik bilen garşylanyldy.
Soltan Sanjaryň aramgähiniň ýanynda ak öýler guralyp, gezelenje gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi. Gadymy asyrlaryň ýaňyny özünde jemleýän bu ýerde guralan ak öýler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny görkezmek bilen, myhmanlara ýakymly täsirleri galdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärligi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda bolup, ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ençeme asyrlar mundan ozal onlarça döwleti söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly hil taýdan gaýtadan dikeldilip, däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan bu işe işjeň gatnaşyp, degişli ugurda anyk ädimleri ädýär.
Şu jähetden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşyjylara Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärliklerine türkmen halkynyň şöhratly taryhy barada gyzykly gürrüňler berildi. Bir söz bilen aýdanyňda, wekiliýet agzalarynyň bu gezelenji halkara ýaşlar forumynyň özboluşly sahypasy boldy.