Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — ATA WATANYMYZY MUNDAN BEÝLÄK-DE GÜLLEDIP ÖSDÜRMEK BIZIŇ BAŞ MAKSADYMYZDYR


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:



— ATA WATANYMYZY MUNDAN BEÝLÄK-DE GÜLLEDIP ÖSDÜRMEK BIZIŇ BAŞ MAKSADYMYZDYR



Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça beýan eden başlangyçlary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.