TÜRKMENISTAN—ÖZBEGISTAN: KÖPUGURLY GATNAŞYKLARDA NUSGALYK TEJRIBE


TÜRKMENISTAN—ÖZBEGISTAN: KÖPUGURLY GATNAŞYKLARDA NUSGALYK TEJRIBE



Türkmenistan we Özbegistan Garaşsyzlyk ýyllarynda gatnaşyklaryny has-da ösdürip, strategik hyzmatdaşlara öwrüldiler. Bu ugurda amala aşyrylan işleriň barşynda dürli ýyllarda hyzmatdaşlygyň hukuk esasyny kesgitleýän taryhy resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bu bolsa halklarymyzy has-da jebisleşdirmek bilen birlikde, döwletara hyzmatdaşlygyň, iki ýurduň söwda dolanyşygynyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açdy. Türkmen hem özbek halklary ýakyn dostlar, ynamdar goňşular hökmünde agzybir ýaşap, umumy maksada — agzybirlige, asudalyga, ösüş arkaly parahatçylyga gulluk edýärler. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky şu günki gatnaşyklaryň kökleri öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar we ol birek-birege hormat goýmaga, ynsanperwerlige, ynama hem ygrara daýanýar.

Türkmenistan we Özbegistan Garaşsyzlyk ýyllarynda gatnaşyklaryny has-da ösdürip, strategik hyzmatdaşlara öwrüldiler. Bu ugurda amala aşyrylan işleriň barşynda dürli ýyllarda hyzmatdaşlygyň taryhy resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bu bolsa halklarymyzy has-da jebisleşdirmek bilen birlikde, döwletara hyzmatdaşlygyň, iki ýurduň söwda dolanyşygynyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açdy.