TÜRKMENISTAN — EÝRAN: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen


TÜRKMENISTAN — EÝRAN: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen



20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy.