HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASYNYŇ GUJURLY ÝAŞLARY
Golaýda ýurdumyzyň sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary – 2022” atly döredijilik sergisi gurnaldy. 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň ahyrynda uly dabara bilen gurnalýan bu sergi çeperçilik taýdan hünärmenleri taýýarlaýan çeperçilik akademiýasynyň hyjuwly talyplarynyň ukyp-başarnygyny has aýdyň ýüze çykarmaga itergi berýär. Zehinli ýaşlaryň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn we binagärlik, amaly-haşam sungatlary, şeýle-de sungatyň taryhy boýunça döreden gyzykly hem täsirli eserleri giň gerimli sergi zalyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Ýokary çeperçilik bilen ýerine ýetirilen bu eserlerde asuda Watanymyzyň, parahat Diýarymyzyň, gözel tebigatymyzyň şahyrana waspy, bagtyýar zamanamyzda gazanylýan ýokary ösüşler hemmetaraplaýyn şöhlelenýär. Şonuň bilen birlikde ýaş talyplaryň öz hünärleri boýunça eser döretmekde ýüzlenýän iň täze çeperçilik usullary olaryň döredijilik pikirlerini maksadalaýyk ýüze çykarmagyna ýardam edýär.
Taryhyň täsirli wakalaryny, gündelik durmuşyň ýakymly pursatlaryny, tebigatyň ajaýyp gözelligini çeper suratlandyrýan we başga-da dürli gyzykly temalarda ýerine ýetirilen sungat eserleri ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Mundan başga-da sergide döwrebap binagärlik we dizaýn taslamalaryna aýratyn orun degişlidir. Häzirkizaman binagärlik we dizaýn sungatynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän, çeperçilik aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutly bu taslamalar türkmen sungatynyň ähli babatda utgaşykly ösüşini ýene bir ýola nygtady. Bu döredijilik sergisinde bagtyýar zamanamyzda hyjuwly zähmet çekýän suratkeşler bilen bir hatarda ýaş sungaty öwrenijileriň hem sungatyň dürli ugurlaryna, suratkeşleriň döredijiliklerine bagyşlanan neşir işleriniň, çeper kitapçalarynyň görkezilmegi buýsandyryjy wakadyr. Sebäbi şol kitaplar dürli döwürlerde türkmen sungatynyň ösüş ýoluny öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Gyş paslynyň ilkinji gününde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan “Halkyň Arkadagly zamanasynyň gujurly ýaşlary – 2022” atly döredijilik sergisi ýurdumyzyň sungatyny ösdürmeklige mynasyp goşant goşýan ýaş suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, dizaýnerleriň we binagärleriň, halyçydyr zergärleriň, külalçylaryň, şeýle-de sungaty öwrenijileriň özboluşly çeperçilik hasabaty bolmak bilen, döwrebap türkmen sungatynda gazanylýan beýik ýeňişleri äşgär etdi.