Kadalary berk berjaý edeliň!


Kadalary berk berjaý edeliň!



Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler.

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly.

Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna “oksolin” melhemini çalmaly.

Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi bilen ýüze çykýar.

Milli tagamymyz bolan gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdalydyr. Şeýle-de gyş möwsüminde naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmek maslahat berilýär.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmegi endik edinmeli.

Paslyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli we bu babatda çagalara-da gözegçilik etmeli. Her gün ýaşaýyş otaglaryny ýelejiretmeli we çygly arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirmeli. Ondan soňra üzärlik tütedip, otaglaryň howasyny tämizlemeli.

Maşgala lukmany bilen maslahatlaşylyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlary-da öz wagtynda alynmalydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.