«Jahan» döredijilik merkezi
30-njy oktýabrda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.
Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar.
Bu waka mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlardan soň, «Jahan» döredijilik merkeziniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlag haty okaldy.
Toý bagy dabaraly kesileninden soň, binanyň baş girelgesiniň öňündäki meýdançada şowhunly el çarpyşmalar astynda asmana dürli reňkli şarlar uçuryldy.
Binanyň içinde myhmanlary çagalaryň döredijilik topary garşylady. Olaryň joşgunly çykyşlaryndan öň, merkeziň gurluşy bilen tanyşlyk boldy. Merkeziň birinji gatynda ýerleşdirilen tans toparlary üçin zalda dabara gatnaşyjylar tansçylaryň tans edýän pursatlaryny synladylar hem-de konsertlere taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Sungatyň bu görnüşine höwes bildirýän çagalaryň, ýetginjekleriň ussatlyk derejesine ýetmekleri, olaryň tans sungatyna, elbetde, aýratyn meşhurlyga eýe bolan milli tanslara çuň aralaşmaklary ugrunda ýörite maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy. Mysal üçin, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan «Küştdepdi» aýdym-tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň bütindünýä sanawyna girizilendigini bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda tans sungatynyň milli ýörelgeleriniň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygynyň we ýurdumyzda ähli toý-baýramlaryň bezegi bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra «Jahan» döredijilik merkeziniň myhmanlary onuň sport zalyna baryp gördüler hem-de türgenleşikleri geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere baha berdiler. Ýurdumyzda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, oňa ýurdumyzyň tutuş ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döredijilik merkezinde sport ulgamyna degişli aýratyn desganyň bina edilmegi ýurdumyzda sportuň hemişe okuw hem-de kämilleşmek, dynç almak we saglygyňy dikeltmek, işe bolan ukyp-başarnygyňy açmak bilen utgaşdyrylýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.
Soňra myhmanlar binanyň ikinji gatyna çykdylar hem-de şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk otagy bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýaşlaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmekleri hem-de şekillendiriş sungatlaryny, şeýle hem bu ugurda milli mirasy öwrenmegi üçin ähli şertler döredilipdir.
Merkeziň ses ýazgylar studiýasy dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde täzeçil usullar we sanly ulgam bilen üpjün edilen enjamlaryň kömegi arkaly dürli ýazgylary ýerine ýetirmek bolýar. Şeýle hem merkezde çagalaryň hor toparynyň otagy, wokal-instrumental saz otagy, şeýle hem çeper-tikinçilik otagy bilen tanyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli halyçylyk sungatynyň däpleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu sungat halyçy gelin-gyzlarymyzyň zehinleri bilen kämilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz döredijiligiň çaga terbiýesinde uly orun eýeleýändigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlaryň sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny zähmet endikleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.