ARASSAÇYLYK SAGLYGY GORAMAKDYR


ARASSAÇYLYK SAGLYGY GORAMAKDYR



Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar zerarly adamyň jan saglygy üçin howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, iri möçberli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maşgala lukmanlary we şepagat uýalary özleriniň hyzmat edýän çäklerinde, edara-kärhanalarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň saglyga peýdalydygy barada giňişleýin wagyz-nesihat işlerini geçirýärler hem-de degerli söhbetdeşlikler, gürrüňdeşlikler guraýarlar. Gaýraüzülmeleriň öňüni almak usullary dürli mysallaryň, anyk delilleriň üsti bilen düşündirilýär.
Islendik keseliň öňüni almak üçin oňa ünssüz çemeleşmek ýa-da özbaşdak bejergi almak, ony aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Beýle ýagdaýda ol adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär hem-de keseliň daş-töwerekdäki adamlara ýokuşmagyna şert döredýär. Eger-de, öňden gipertoniýa, süýjüli diabet,
ýürek-damar ýa-da başga-da dowamly keselleri bar bolan adamlara möwsümleýin kesel ýokuşsa, olarda gaýraüzülmeler ýüze çykýar. Şonuň üçin hökmany suratda öňüni alyş sanjymlary kabul edilmelidir. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmaly. Köpçülik ýerlerine, daşary çykylanda, agyz-burun örtügini dakynyp, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly. Otaglary ýuwup, gapylaryň tutawaçlaryny zyýansyzlandyryjy erginler bilen ölläp süpürmeli.
Keselden goranmagyň iň ygtybarly ýoly arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekdir. Her bir adamyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi örän zerurdyr. Öý şertlerinde penjireleri açyp, otagyň içi ýelejiredilenden soň, hökmany suratda öýe daşardan düşen tozanlary süpürip aýyrmaly, ýorgan-düşekleri arassa saklamaly. Geýilýän egin-eşikleri ýuwlan, ütüklenen ýagdaýda geýmeli. Wagtly-wagtynda ýuwnup, bedeniň tämiz bolmagyny gazanmaly. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň, akar suwda oňat ýuwup iýmeli. Günüň dowamynda 1, 5-2 litre golaý arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli. Çagalar gezelenje çykanlarynda, olaryň ýanlarynda arassa agyz suwuň ýa-da gaýnadylan suwuň bolmagyna gözegçilik etmeli.
Günortanlyk we agşamlyk naharlarynda däneli önümler gaýnadylyp ýa-da buglanyp bişirilen gyzgyn naharlary iýmeli. Kadaly we sagdyn iýmitleri fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklar saglygyň berk bolmagy üçin örän möhümdir. Ol adamyň işjeň, şähdaçyk, şadyýan, günüň dowamynda ruhubelent bolmagy üçin örän peýdalydyr. Şonuň netijesinde adamyň immun ulgamy ýokarlanýar.
Eziz ildeşler, arassaçylyk — saglygy goramakdyr. Şonuň üçin gigiýenanyň arassaçylyk babatynda talabalaýyk gelýän düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, saglygymyzyň ýokary derejede bolmagyny gazanalyň!

Sona Ilmuhammedowa