WATANÇY ÝAŞLAR BILEN DUŞUŞYK


WATANÇY ÝAŞLAR BILEN DUŞUŞYK



«Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň merkezi Serkerdeler öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän täze goşgynyň many-mazmuny, onuň dana Pyragynyň şygryýet dünýäsini öwrenmekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Magtymguly Pyragy, onuň ýaşan döwri, başdan geçiren ruhy ahwallary hem-de onuň köpöwüşginli döredijiliginiň häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine eden täsiri hem anyk mysallar arkaly bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda şahyr Süleýman Ilamanow, kapitan Mukam Muhamow, harby gullukçy, ýaş şahyr Myratgeldi Hallyýew beýik söz ussadymyza, eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bagyşlap täze ýazan goşgularyny okadylar. Serkerdeler öýüniň çeper höwesjeňler gurnagynyň işjeň agzalary dana Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary belent heňde ýerine ýetirdiler.