TÜRKMENISTAN ÖZGERTMELER ÝOLY BILEN YNAMLY ÖŇE BARÝAR


TÜRKMENISTAN ÖZGERTMELER ÝOLY BILEN YNAMLY ÖŇE BARÝAR

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.