TOPLUMLAÝYN ÇEMELEŞME GURLUŞYK IŞLERINIŇ ÝOKARY HILINIŇ GIREWIDIR


TOPLUMLAÝYN ÇEMELEŞME GURLUŞYK IŞLERINIŇ ÝOKARY HILINIŇ GIREWIDIR



11-nji iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy, desgalaryň çyzgylary hem-de bezeg taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde giň gerimli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.