«Garaşsyzlyk–şöhradydyr Watanyň!»
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi ýurdumyzyň suratkeşleriniň döreden eserlerinden taýýarlanan «Garaşsyzlyk–şöhradydyr Watanyň!» atly sergini gurnady. Sergide 50-ä golaý suratkeşiň gatnaşmagynda 90-dan gowrak sungat eserleri sergilendi. «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddeslik derejesine eýe bolan Garaşsyzlygymyzy wasp etmekde suratkeşlerimiz sergide görkezýän eserlerinde bu inçe sungatyň hemme ugurlary boýunça: milli ýörelgelerimizi, taryhymyzy, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy, parahatçylygymyzy ussatlyk bilen beýan edýärler. Olardan: Türkmenistanyň halk suratkeşleri Güseýin Güseýnowyň «Tekeşiň mawzoleýi» atly, Ata Akyýewiň «Kiçä hormat», «Jemşit korollygy», «Soltan Sanjar» atly, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Allamyrat Muhammedowyň «Abu Sahit Abul Haýyr-Mäne baba», «Meşhur sazanda Amangeldi Gönibek», «Nurberdi han» atly eserlerini görkezmek bolar. Halkymyzyň ruhy baýlyklarynyň biri bolan Milli şekillendiriş sungatymyzyda Watanymyzyň tebigatyny wasp etmek suratkeşlerimiz üçin esasy temalaryň biridir. Sergide bu temadan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Welahmedowyň «Gurtly», «Duzly depe», «Bahar» atly, Orazgylyç Öwezowyň «Ak daglar», «Agşam düşýär», «Ýagyşly gün», Berdisähet Gurbansähedowyň «Peýzaž», «Deňizli peýzaž» atly, Natalýa Kaluginanyň «Garrygalaň tebigaty» atly döreden eserlerinde türkmen tebigatynyň gözel künjeklerini dürli reňkleriň öwüşgininde şekillendiripdirler. Bu sergä birnäçe ýaş suratkeşler, ýagny, nakgaşlar, grafikaçylar, keramikaçylar täze döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Olardan Toýly Çopanowyň Magymguly Pyragynyň, Zeliliniň durmuşyndan döreden «Magtymguly Hindistanda», «Zelili», «Syrly göçüm» atly nakgaş eserlerinde şahyrlarymyzyň durmuşyndan, biziň taryhymyzyň bir wakasy çeper beýan edilipdir.