Türkmen bedewiniň milli baýramy


Türkmen bedewiniň milli baýramy



26-njy aprelda Köpetdagy etekläp oturan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Jemi ýedi çapyşykdan ybarat bolan at çapyşyklary dürli aralyklara guraldy. Her bir çapyşyk tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Baýramçylyk at çapyşygynda ýeňiji bolan çapyksuwarlara, baýramçylyk mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde, şeýle-de atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde ýeňiji bolanlara Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlary, baýraklar gowşuryldy.