Hormatly Prezidentimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi


Hormatly Prezidentimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi



24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek hem-de Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesindäki ähmiýetini dünýä ýüzünde giňden açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň, aýratyn-da, halkara maslahatlaryň we beýleki dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň möhümdigi barada aýdyp, olaryň baý mazmunly bolmalydygynyň hem-de şolarda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň işjeň gatnaşmagynyň, bu wakalaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan işjeň we dessine beýan edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin internet ulgamynda we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite sahypalaryň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.