Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär


Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär



30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi-döwrebap ulag ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolup, olary has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.
...Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda, Aşgabadyň halkara awtoterminalynyň golaýynda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşylaýarlar.

Täze toplumyň öňündäki meýdançada ata Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze iri desganyň ähmiýetini belledi, ol ýurdumyzyň ulag kuwwatyny has-da berkitmäge we artdyrmaga ýardam eder.
Milli Liderimiz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýol-ulag düzüminde dünýä ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Bu bolsa Türkmenistanyň yklymyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak üçin şol işleriň giňden wagyz edilmeginiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow münbere geçýär hem-de bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenýär.
Biz şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki döwrüň iri ulag taslamasy bolan Awtoulag kärhanalar toplumyny we Awtomobil mekdepleri birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkezini açyp, ulanmaga berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary bu desgalaryň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda gurulýan dürli döwrebap binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary, şanly seneler baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, döwrümizi hem-de durmuşymyzy bagtyýarlyga besleýär.