Bakuda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi


Bakuda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynda resmi kabul edişlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy habar berýär.

Resmi kabul edişlige döwletiň we hökümetiň wekilleri, Azerbaýjanda akkreditirlenen diplomatik gullugyň işgärleri, işewür toparlar jem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmuhammet Elýasow resmi kabul edişlik dabarasynyň açylyşygynda ýygnananlary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygy bilen gutlagy hem-de ýurdumyzda geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada gürrüň berdi.

Azerbaýjanyň ilaty zähmet we durmuş taýdan goramak ministri Sahil Babaýew türkmen halkyny mukaddes Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy bilen gutlady hem-de geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny belledi. Ministri geljek ýyllarda hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşdyklary gülledip ösdürmek ugrunda giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Dabaranyň dowamynda Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Eldar Guliýew hem türkmen halkyny şanly sene bilen gutlady, şeýle-de Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Dabarada Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynyň dowamynda dabara gatnaşyjylary Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilen döwlet ähmiýetli işler, şol sanda ýurduň ähli ulgamynda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy.

Resmi kabul edişlik dabarasynyň dowamynda türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda, şol sanda ýeten belent üstünliklerinden söz açýan fotosuratlaryň hem-de milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Dabarada Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Bu konsert dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.