Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary:


Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary:



1. Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň. Çig we taýýar iýmit üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň!
2. Eti we ýumurtgany doly taýýar bolýança, gowy edip bişiriň!
3. Çig eti dogramagyň we taýýar iýmit bilen işleýän wagtyňyzyň arasynda elleriňizi ýuwup duruň!
4. Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň. Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň. Jemgyýetçilik ýerlerinde ýere tüýkürmäň!
5. Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!
6. Eger siz näsaglamankaňyz haýsydyr bir ýurtlara gidip-gelen bolsaňyz, bu barada lukmana aýdyň!
7. Elleriňizi ýuwuň. Eller gaty hapa bolan ýagdaýynda, olary sabyn bilen akar suwuň aşagynda ýuwuň!
8. Elleriňiz o diýen hapa bolmadyk ýagdaýynda bolsa-da, olarda göze görünmeýän kesel döredijiler köp mukdarda bolmagy mümkin, şol sebäpli dürli zyýansyzlandyryş erginleri bilen tämizläň ýa-da sabynlap, suw bilen ýuwuň!
9. Asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňizi epip ýa-da desmal bilen ýapyň. Desmaly şol bada taşlaň we elleriňizi ýuwuň!
10. Gyzgyny ýokary ýa-da üsgürýän adamlar bilen ýakyn galtaşykda bolmakdan saklanyň!
11. Ýabany ýa-da oba hojalyk haýwanlary bilen goralmadyk galtaşyklardan saklanyň.
Ykjam telefonlar arassa saklanylmalydyr
Sagdyn ýaşamagyň ilkinji şerti şahsy arassaçylygy berjaý etmekdir. «Şahsy arassaçylyk» düşünjesine bolsa diňe bir özümiz däl, eýsem, gündelik ulanýan zatlarymyz hem degişli. Tehnologiýalaryň ösen döwründe iň köp ulanylýan şahsy enjam ykjam telefonlardyr.
Dünýä lukmançylygy käbir wiruslaryň we ýokanç keselleriň telefonlar arkaly hem ýokuşyp biljekdigini aýdýarlar. Şonuň üçin bu babatda berilýän käbir maslahatlara ünsüňizi çekmek isleýäris:
— ilkinji nobatda, ykjam telefonlary diňe özüňiz ulanjak boluň! Onuň başgalaryň eline düşmezligini gazanjak boluň. Yzygiderli elimizdeligi we gürleşenimizde, agzymyza has golaý durýanlygy üçin olaryň ýokanç keselleri döredip bilmek ähtimallygy güýçli;
— häzirki zaman telefonlarynyň daşky gurluşy çyga garşy berk gorag bilen üpjün edilendir. Şonuň üçin bir gezek ulanylýan çygly süpürgiçler bilen telefonyň diňe daşyny däl, onuň gabyny, hatda batareýasynyň ýerleşýän ýerine çenli her gün süpürip durmak gerek. Şunda onuň gabyndaky epinli ýerlere we telefonyň künjeklerine aýratyn üns berilmeli;
— dürli wiruslaryň metal enjamlarda uzak wagtlap saklanyp bilýändigini dünýä lukmançylygy subut etdi. Şonuň üçin, esasan hem, öýde ýa-da iş otagynda birnäçe sagatlap duran telefonlaryň tämizligine ünsi has güýçlendirmeli;
— telefonda gürleşýän adamyň sesini birnäçe santimetr uzaklykdan hem eşitmek mümkindir. Şol sebäpli ony gulagyňa degrip gürleşmegiň juda bir zerurlygy ýok;
— käbir himiki arassalaýjy serişdeler pürkülende, ekranyň syzgyrlygyna täsirini ýetirip biler. Şonuň üçin telefonlar arassalananda, şol serişdeleri ilki pagta ýa-da mata bölejigine pürküp, soň ulanmak maslahat berilýär;
— eger zerurlyk ýüze çykmasa, ýolda, köpçülik ýerlerinde, awtobusda we beýleki ýerlerde telefony yzygiderli eliňe alyp, oýnap oturmakdan daşda durmaly; Telefon günüň dowamynda iň gerekli enjamlarymyzyň biri. Ýöne, goý, ol bize näçe peýda berýänem bolsa, saglygymyza zyýanly täsirini ýetirmesin!