Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi


Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.