Türkmen - Koreý dostlugy


Türkmen - Koreý dostlugy



Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkara gatnaşyklarynda dünýä ähmiýetli işleriň birnäçesi amala aşyrylýar. Türkmenistan döwletimiz bilen Koreýanyň arasynda eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda diplomatik gatnaşyklar giňden alnyp barylýar. Ata-babalarymyzyň dost-doganlyk ýoly beýik ýörelgeleri bu günki gün döwrümiziň binýady bolup dünýä dolýar. Dünýäniň ähli ýurtlarydyr halklary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň wajyp görnüşi hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn orun berilýär. Dostluk, doganlyk gatnaşyklary hem dabaralara beslenip, baýram edilip geçirilýär.

Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli türkmen- koreý bilelikdäki baýramçylyk konserti geçirildi. Döredijilik konserti “Türkmen ilinden salam” edebi-sazly kompozisiýa bilen açylyp, Türkmenistanyň halk artistleri Läle Begnazarowa, Suhanberdi Orazberdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow “Miras” folklor tans toparynyň çykyşlary ýerine ýetirildi.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip yglan edilmegi türkmen ýaşlarynyň öňünde uly maksatlara iterýär. Ine bu gün hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby Begmyrat Hudaýberdiýewiň Magtymguly Pyragynyň koreý dilinde “Türkmeniň” goşgusyna saz ýazmagy, birinji gezek ýaňlanmagy has-da begendiren bolsa gerek. Bu aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýerine ýetirip koreý doganlarymyzy begendiren bolsa gerek. Konsert çykyşlaryna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hereket edýän “Kamerata Aşgabat” topary sazandarlyk edip, ýerine ýetirilen aýdymlardyr, sazlaryň aglaba bölegi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan. Konsertde ýenede bellemeli zatlaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Şammyýewiň koreý aýdymy ZITTEN (Aýdyň gijeler) aýdymy ýerine ýetirmegi uly buýsanç.

Konsert çykyşlaryň dowamynda aýdymçylarymyz Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň aýdymlary ýaňlandy. Jemleýji aýdym Sözleri Akmyrat Rejebowyňky, Sazy Begenç Saparlyýewiňki “Türkmen-Koreý dostlugy” aýdymy Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Türkmen ýaşlaryna şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Laçyn JÜMMIÝEWA.