Türkmen alabaýlary—­halkymyzyň buýsanjy we milli gymmatlygy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi


Türkmen alabaýlary—­halkymyzyň buýsanjy we milli gymmatlygy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi



21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy.
Alabaý itleriniň dag-derelerde gezelenç etdirilmegi olaryň tohumlyk häsiýetleriniň has-da berkemegine ýardam berýändigini türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän durmuş tejribesi subut etdi.
Edermen türkmen alabaýlary ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ilkinji ýöriteleşdirilen merkeziň açylmagy alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny üpjün etmek meselelerine häzirki döwürde möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.
Bu waka hormatly Prezidentimiziň ajaýyp alabaý itleriniň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýän «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna gabat geldi.