Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa daşary ýurt kompaniýalaryň direktorlary bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa daşary ýurt kompaniýalaryň direktorlary bilen duşuşdy



Aşgabatda geçirilýän telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we teleradio enjamlary pudagyna bagyşlanan «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa bilen «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» nemes kompaniýasynyň direktory Gerhard Fişer we «LS Telecom Ag» (Germaniýa) kompaniýasynyň direktory Georg Şöne bilen özara duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda telekommunikasiýa pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak we aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işiň belli ugurlary boýunça ylalaşyklar hem gazanyldy we degişli şertnamalara gol çekildi.

Bu forumyň çäginde türkmen wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen 70-den gowrak duşuşyklary meýilleşdirilýär.