Türkmen alabaýynyň keşbini çeper şekillendirmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Karay bilen türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi.
Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän güni bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Şahadatnamalar gowşurdyldy. Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine görä, aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlendi:
Haly eserini döretmek boýunça: Amanmyrat Gulberdiýew, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi, «Türkmen alabaýy» atly eseri;
Surat eseri boýunça: Bägül Artykowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby, «Türkmeniň guwanjy – asyrlaryň buýsanjy» atly nakgaş eseri;
Heýkel eseri boýunça: Selbi Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby, «Wepaly maşgala» atly heýkel eseri;
Neşir önümi boýunça: Maýsa Ataberdiýewa, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalynyň bezeg işleri;
Teleoperatorçylyk işi boýunça: Döwletgeldi Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory, «Wepadar» atly wideo şekili.
Ozal biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleriň geçiriljekdigi barada habar beripdik.