Dostlukly gatnaşygyň şanly senesi


Dostlukly gatnaşygyň şanly senesi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp günlerimiz bilen bir hatarda dost-doganlyk gatnaşyklary hem dabaralara beslenip, baýram edilip bellenilýär.

2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan paýtagtymyzda gurnalan, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Baýramçylyk konsertine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlar, belli nemes kompozitorlarynyň nusgawy sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Sazandalar beýik ussatlaryň öz eserlerine siňdiren inçe duýgularyny diňleýjilere ussatlyk bilen ýetirdiler. Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşdäki sazlar, ýatdan çykmajak baýramçylyk pursadyny emele getirdi. Nusgawy german sazyny ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezen zehinli artistler gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldular.

Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!



Güljemal DURDYÝEWA.