Şu ýylyň 5-nji dekabrynda ýurdumyzda baýramçylyk söwdalary başlanar


Şu ýylyň 5-nji dekabrynda ýurdumyzda baýramçylyk söwdalary başlanar



Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, şeýle hem meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça Türkmenistanyň söwda toplumy tarapyndan degişli çäreler görülýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew bu ugurda geçirilýän işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

— Onda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.