SUNGAT KALPLARY ÝAKYNLAŞDYRÝAR
Düýn paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Saýra, dutar!» atly, türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara türkmen dutaryna, halkymyzyň milli aýdym-saz sungatyna goýulýan hormat-sarpanyň belentdiginiň, dünýä halklary bilen
dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň barha ösdürilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyr-mak, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ýurdumyzda giň
möçberli işler amala aşyrylýar. Şu maksat bilen Türkmenistan dünýäniň abraý-ly
halkara guramalary, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRK-SOÝ) bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Bu halkara medeni çäre türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk
gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda, özara medeni hyzmatdaşlygy
ösdürmekde, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň milli medeniýetini, sungatyny özara
baglanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bular barada dost-doganlyk ru-hunda geçirilen bu halkara medeni çärä gatnaşan Azerbaýjanyň, Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Moldowanyň Gagauz ülkesiniň,
Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystanyň aýdymçylary gutlag sözleri bilen çy-kyş edenlerinde hem aýratyn nygtadylar. Şonuň bilen birlikde, olar döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipe-sine girişip işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de döwlet
Baştutanymyza jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw edip, Türki dilli döw-letler bilen özara medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirdiler.
Ýeri gelende bellenip geçilse, 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry
aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mira-sy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowa-mynda
dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüt
biragyzdan kabul edildi. Şonuň yzysüre bolsa — şu ýylyň 30-njy ýanwarynda
ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy ýurdumyza gelip gowuş-dy. Munuň özi BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň, bu
ugurda görülýän çäreleriň halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan anyk netijeleri
berýändiginiň alamatydyr.
Şu babatda, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşy-çylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykar-mak, olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäkle-rinde dutarçy
bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň yglan edilendigini we ony şu ýylyň sentýabr aýynda jemlemegiň bellenilendiginide nygtamak ge-rek. Hut şeýle bäsleşigiň yglan edilmegi hem ýurdumyzda milli aýdym-saz sun-gatymyza
belent sarpa goýulýandygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
«Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymyny Türkmenistan döwletimiziň hem-de TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetir-mekleri hem sebitiň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaç-lanýandygynyň
özboluşly waspyna öwrüldi.
«Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymynyň türki dilli halklaryň sungat
ussatlary tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilmegi, türkmen dutaryna, halkymy-zyň milli aýdym-saz sungatyna goýulýan hormat-sarpanyň uludygyny, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň barha ösdürilýändigini ýene-de bir ýola
aýdyň subut etdi.
Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».