Ýollaryň aýdyň, topragyň nurly Watan
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Merkeziň Ilkinji Zenanlar guramasynyň, şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Mejlisinde eden çykyşlaryndan ugur alyp, «Ýollaryň aýdyň, topragyň nurly Watan» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu wagyz nesihat çäresinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, alnyp barylýan halk bähbitli işleriniň, taryhy başlangyçlarynyň, haýyr-sahabat we ynsanperwer işleriniň ähmiýeti, milli senetçiligi, halyçylygy, sungatymyzy ösdürmek, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek meseleleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.