Tanyşdyrylyş dabarasy


Tanyşdyrylyş dabarasy



Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 12-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada konserwatoriýanyň mugallymlary bilen birlikde Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň lukmany Orazsoltan Aşyrowa ajaýyp kitabyň aýratynlyklary barada örän täsirli çykyş etdiler. Tanyşdyrylyş dabaranyň dowamy bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halkynyň jana derman ösümlikleri we ir-iýmişleri baradaky aýdymlary bilen dowam etdi. Dabarada çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynyň geçen jiltleri bilen birlikde XII-nji jildiniňem özleriniň ýan kitaby boljakdygyny nygtadylar.