Sagdynlygyň girewi


Sagdynlygyň girewi



Ýylyň her bir paslynyň öz aýratynlygy bolýar. Tebigatda her bir pasyllaryň alamatlary birbada ýüze çykman, olar dura-bara peýda bolýarlar. Munuň özi adam saglygyna hem uly täsir edýär. Daşky gurşawyň üýtgäp durýan şertlerine hem adam bedeni dem alşyň, ýürek urgularynyň, arterial gan basyşynyň üýtgemegi bilen jogap berýär. Bu bolsa, gartaşan adamlara, dowamly kesellerden, ýürek-damar we nerw kesellerinden ejir çekýänlere ýaramaz täsir edýär. Pasyllaryň çalyşýan mahaly käbir adamlarda dem alyş ýygylaşýar, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar. Adamlarda gowşaklyk, ysgynsyzlyk, gan basyşynyň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy, üýtgäp durmagy, ukusyzlyk ýaly alamatlary ýüze çykmagyna getirip biler.
Güýz paslynyň gelmegi bilen howa salkynlaşýar. Her bir adam pasyllara görä geýinmelidir. Güýzüň salkyn howasy adam bedenine üýtgeşik täsir edip, bu wagt tebigatda gezelenç etmäge has hem ýakymly mümkinçilik döreýär. Arassa howada gezmek adama ýakymly duýgulary oýarýar. Munuň özi ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda uly ähmiýeti bar.
Arassa howada taplanmak sagdynlygyň girewidir. Howa adamyň bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamyň hereketine täsir edýär. Bag-bakjalaryň, tokaýlyklaryň, seýilgähleriň howasy bolsa adamyň bütin bedenine oňaýly täsir edýär. Arassa howada gezelenç etmek we kiçi ýaşly çagalary oýnatmak üçin peýdalydyr. Arassa howada gezelenç edilende, pasyla görä geýinmeli, daşa çykmazdan öň burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly, dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmaly we jemgyýetçilik ýerlerde howpsuz araçägi saklamaly.
Saglygyň sakasynda arassaçylygyň durýandygy hemmelere mälimdir. Hut şonuň üçin şahsy tämizligini doly hem dogry ýerine ýetirmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly. Her bir adam daşardan gelenden soň, nahardan öň we soň, çagalar bolsa okuw esbaplaryny, oýunlary oýnanyndan soň hökmany suratda sabyn bilen ellerini gowy ýuwmalydyr. Sebäbi howply keselleriň köpüsi hapa elleriň üsti bilen geçýär. Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen gowy ýuwup durmaly. Her bir adam ertirlik maşklar, ylgaw, pyýada ýöremek, welosipedli gezelenç etmek hem-de bedenterbiýe we sport bilen taplanmaly. Okuw sapaklarynyň yzygiderli dowamlylygy, akyl taýdan işjeňlikleri, iş gününiň hysyrdyly aladalary bilen bedeniň fiziki taýdan taýýarlygyny üpjün edýän hereketleri ýerine ýetirmegiň aýratyn ähmiýeti bar. Her bir ynsan ýaşyna garamazdan hereketde bolýar. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Hereket etmek, maşklary ýerine ýetirmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, gimnastika bilen meşgullanmak saglyk üçin juda zerurdyr. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň kesellere garşy ukybyny berkidýär. Dürli görnüşdäki hereketler ýürek, gan damar, dem alyş, nerw we adam bedeniniň beýleki agzalarynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär. Bedenterbiýe we sportuň ähli keselleriň öňüni almakda, ony bejermekde peýdasynyň uludygy ildeşlerimize bellidir.
Kadaly we dogry iýmitlenmek adama güýç, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Sagdyn bolmak üçin dürli nygmatlardan her gün işdä bilen iýip durmaly. Azyk önümleri, gap- -çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr. Gök önümler, miweler iýilmezden öň akar suwda gowy ýuwulmalydyr. Süýt we süýt önümleriniň saklanylyşyna üns bermelidir. Adamlar öz gündelik iýmitlerinde miweleri, ir-iýmişleri, gök we bakja hem-de süýt önümlerini köp mukdarda ulanmalydyr. Witaminlere, minerallara, mikroelementlere baý miweleri, gök önümleri iýmeli. Ýokary hilli beloklar saklanýan balyga we ýumurtga hem orun berilmelidir. Şol bir wagtda däneli ösümlikleri hem ýatdan çykarmaly däldir.
Kalsiýniň esasy çeşmesi süýt we süýt önümleri, kakadylan miweler bolup durýar. Demir etde, noýbada, greçkada, bagyrda, ýumurtganyň sarysynda, gök reňkli almada, kakadylan miwelerde kän. Ýod deňiz önümlerinde, kelemde, ýodlanan duzda köp mukdarda saklanýar. Sink bolsa balykda, hurmada, peýnirde, sygyr etde bar. Iýmit önümleri her bir adamyň bedeniniň kuwwatly bolmagyny we kesellere garşy göreşmek ukybyny beýgeldýär we dürli keselleriň, şol sanda sowuklamanyň we ýiti respirator ýokançlarynyň hem ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da, ter we kakadylan miwelerden taýýarlanan içgiler, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň täze sykylyp alnan şiresi, gatyk, aýran, düýe çaly, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden narpyzyň, çopantelpegiň, itburunyň, ýandagyň, injir ýapragynyň demlemesi peýdaly içgiler hökmünde ulanmak maslahat berilýär.

Gurbanjemal ARTYKOWA