TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNA RUSSIÝANYŇ ÝOKARY DÖWLET SYLAGY GOWŞURYLDY
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar düýpli strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Ol deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar.
...Günüň ikinji ýarymynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni Kreml köşgüne gelýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylaýar. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
... Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Watanymyza ugrady.
***
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlary K.Babaýewiň we K.Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hemde geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Häzirki döwürde türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň, yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy. Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyk hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi bermäge gönükdirilendir.