Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi



27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Ýurdumyzyň çäklerini we oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen bagly mejlise welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri hem çagyryldy.